“Soçi ylalaşygynyň çäginde sebit terrordan saplanman halatynda biz işe girişeris"

Prezident Erdogan terrorçylar bilen asla gepleşik geçirmejekdiklerini belledi

1295261
“Soçi ylalaşygynyň çäginde sebit terrordan saplanman halatynda biz işe girişeris"

Prezident R. T. Erdogan, Siriýadan  terror guramalary PKK/ÝPG we DAIŞ tarapyndan Türkiýä abanýan howplaryň we guralýan hüjümleriň öňüni almak üçin howpsyz zolagyň döredilmegi meselesinde öňe gidişlik edilendigini aýtdy

Erdogan Fenerbahçe Ýokary diwan geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda “Soçi ylalaşygynyň çäginde 150 sagadyň dowamynda sebit terrordan saplanman halatynda biz işe girişeris we sebiti terrordan saplarys” diýdi.

Prezident Erdogan çykyşynda terrorçylar bilen asla gepleşik geçirmejekdiklerini belledi.

Erdogan “Halkara jemgyýetçiliginden serhetleriň howpsyzlygyna sarpa goýulmagyna we ýurdumyzdaky siriýalylaryň öýlerine dolanmaklary baradaky taslamalarymyza goldaw bermeklerine garaşýarys” diýdi.

Çykyşynda Ýewropa ýurtlaryna hem ýüzlenen Erdogan, “Türkiýedäki 3 million 650 müň siriýalynyň ilkinji etapda 1 ýada 2 millionynyň yzyna dolanmaklaryny göz öňünde tutýan taslamamyza goldaw berilmän halatynda serhetlerimizi açmakdan başga çärämiz ýok, açarys serhetlerimizi we olar Ýewropa ýurtlaryna tarap ýola çykarlar” diýip belledi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar