Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýaip Erdogan, taryhy Soçi ylalaşygy bilen Siriýanyň demirgazygynda terror koridoryna ýene-de bir zarba salandyklaryny beýan etdi

1293464
Prezident Erdogan gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezident Erdogan, Russiýa saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärlerine gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi. 

Düýn Soçi şäherinde Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen 6 sagat 20 minut dowam eden gepleşikleriň jikme-jikligi barada beýanat beren Erdogan, garaşylan netijäni alandyklaryny habar berdi. 

"Bu ylalaşyk bilen terror korridoryna ýene-de bir zarba urdyk" diýip bellän Erdogan: "Siriýanyň territorial bütewiligini güýçlendirjek bir ädim etdik, Astana etabyna uly goşandy boldy, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň bir hasylyny aldyk. Bosgunlaryň öýlerine gaýdyp barmaklaryny ýeňilleşdirjek esas döretdik" diýip nygtady. 

Ylalaşyga laýyklykda ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň 150 sagadyň dowamynda Siriýanyň demirgazygyndan çekiljekdigini aýdan Erdogan: "Hem ABŞ hem-de Russiýa bilen gazanan ylalaşyklarymyzda eger berilen sözler ýerine ýetirilmese, biz tarapyndan ediljek ädimlerde hiç hili üýtgeşiklikler bolmaz. ABŞ bilen gazanylan ylalaşykda operasiýamyz tutenýerlilik bilen dowam eder. Russiýa bilen baglanşykly hem Hormatly Putin örän tutanýerli gürledi, biz bulary ol ýerlerden çykararys diýip belledi" diýip habar berdi. 

Erdogan terrorçylaryň Asada tabynlykdaky güýçleriň egin-eşiklerini geýip ol ýerlerde galmak ähtimallyklarynyň hem gün tertibe gelendigini aýdan Erdogan: "Mesele bilen bagly biz şonsyzam Hormatly Putine ýatladyp geçdik. Bular Asada tabynlykdaky güýçleriň egin-eşiklerini geýip ol ýerlerde galsalar näme bolar? diýip soradyk. Rugsat bermeris diýdi. Gözegçilik ederis" diýip aýan etdi. 

Ylalaşyga görä 150 sagadyň ahyrynda Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň günbatar we gündogar böleklerinde 10 km çuňlukda Türk-Rus gözegçilik işleri başlar. 

Emma Kamyşly ylalaşygyň düzümine girmedi. 

Kamyşlynyň näme sebäpli aýry tutulandygyny aýdan eden Erdogan: "Kamyşly häzirki wagtda rus esgerleriniň we Asada tabynlykdaky güýçleriň ýerleşýän ýeri. Şol sebäpli ol ýerde biz bilen ýüz-ýüze gelmek islemeýärler" diýip aýan etdi. 
Prezident Erdogan ABŞ-nyň we Russiýanyň mundan beýläk "ÝPG aýrydyr, PKK aýrydyr" diýmejekdigini nygtady. 

 


Etiketkalar: #Russiýa , #ylalaşyk , #Erdogan

Degişli Habarlar