Goranmak ministrligi Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi, Siriýada Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň daşynda täze bir operasiýanyň geçirilmegine zerurlygyň galmandygyny habar berdi

1293027
Goranmak ministrligi Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen bagly beýanat berdi

Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda, Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasy bilen baglanşykly 6 maddadan ybarat beýannama berildi.

Beýanatda 17-nji oktýabrda Ýewfrat derýasynyň gündogary bilen baglanşykly Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda ylalaşygyň gazanylandygy we şol çäkde Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyna 120 sagatlyk arakesmäniň berilendigi ýatladylyp: “Şu güne çenli biz tarapyndan bildirilen talaplaryň ýerine ýetirilmeginde gerek bolan duýgurlyk görkezildi” diýip habar berildi.

Möhlediň ahyrynda ABŞ tarapyndan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň sebitden çekilmeginiň tamamlanandygy mälim edilen beýanatda: “22-nji oktýabrda Soçi şäherinde hormatly Prezidentimiz bilen Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baştutanynyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde bolsa, şu günden başlap Russiýa Federasiýasy bilen bilelikde işler alynyp barylmaga başlanar.

Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasynyň daşyndaky serhetlerimiziň howpsyzlygyny we ÝPG terror guramasynyň agzalarynyň 30 kilometriň daşyna çykarylmagyny hem öz düzüminde jemleýän ylalaşyga laýyklykda, häzirki operasiýanyň daşynda bu etapda täze bir operasiýanyň ýerine ýetirilmegine zerurlyk galmady” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar