TRT World forum başlady

Globallaşmanyň çökgünligi; Howplar we pursatlar” temasy bilen geçirilýän forum iki gün dowam eder

1291525
TRT World forum başlady

 

Şu ýyl Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT tarapyndan üçünjisi geçirilýän 2019 TRT World forum başlady

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň gatnaşmagyndaky ýörite oturlyşyk bilen başlan we “Globallaşmanyň çökgünligi; Howplar we pursatlar” temasy bilen geçirilýän forum iki gün dowam eder

Prezident R. T. Erdogan hem sebitiň iň täsirli guramaçylyklaryndan biri hökmünde kabul edilýän TRT World Forumda “Globallaşmada yza çekilmek, dünýä ulgamyndaky seslenmeler” temaly oturlyşykda çykyş eder

Foruma dünýäniň çar tarapyndan gelen ýerli we daşary ýurtly ýüzlerçe syýasatçy, işewür adamlary, alymlar we žurnalistler gatnaşýar

Foruma şeýle hem ozalky döwlet we hökümet baştutanlary bilen birlikde dünýäniň dürli künjeginden gelen ministrler gatnaşar

Forumda aşa-sag we terror, söwda söweşleri, ÝB-niň geljegi we täsiri güýçlenýän güýçleriň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar

Bütin dünýäni ýakyndan gyzyklandyrýan syýasy, ykdysady we sosýal meseleler hem forumyň gün tertibinde esasy orun eýeleýär.

Formyň çäginde “Front liniýasynda NATO: Täze howpsyzlyk howplary, Terroryň täze ýüzü, Ýakyn Gündogarda üýtgeýän deňagamralylyk we sebitara hyzmatdaşlyk, Jemal Kaşykçy jenaýaty, Bosgun krizisi we Ýewropa, Bäsleşikmi ýada hyzmatdaşlyk?” ýaly birnäçe oturlyşyk geçirer

 



Degişli Habarlar