Prezident Erdogan Boris Jonson bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Beýik Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonson bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1291247
Prezident Erdogan Boris Jonson bilen söhbetdeş boldy

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan berilen beýanata görä, telefon söhbetdeşliginiň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklar we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Siriýanyň demirgazygy bilen baglanşykly Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda gazanylan ylalaşygyň çäginde kesgitlenen wagtyň dowamynda terror guramasy PKK/ÝPG-nyň howpsyz zolagyň daşyna çekilmegi, agyr ýaraglaryň ýygnalmagy, söweşjeň liniýalaryň ulanyp bolmajak ýagdaýa getirilmegi ýaly ugurlara ýakyndan gözegçilik edilýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar