Wan welaýatynda bir esger şehit boldy

Wan welaýatynyň Çaldyran etrabynda serhediň Eýran tarapyndan terrorçylar tarapyndan od açylmagy netijesinde 1 esger şehit boldy, 2 esger ýaralandy

1290133
Wan welaýatynda bir esger şehit boldy

Wanyň gubernatorlygy tarapyndan berilen beýanatda, etrabyň Uzunýol serhet birikmesi bilen Sowuksuw birikmesiniň arasynda gözegçilik işlerini geçirýän esgerlere düýn agşam 22:00-22:15 aralygynda serhediň Eýran tyarapyndan od açylandygy mälim edildi.

Açylan oda garşy esgerleriň şol bada garşylyk görkezendigi aýdylýan beýanatda, ýüze çykan çaknyşykda 1 esgeriň şehit bolandygy, 2 esgeriň bolsa ýaralanandygy habar berildi.

Beýanatda, ýaralanan esgerleriň dikuçarlar arkaly Wan Ýüzünji Ýyl uniwersitediniň Ylmy-barlag hassahanasyna gönükdirilendigi we saglyk ýagdaýlarynyň gowydygy aýan edildi.


Etiketkalar: #Eýran , #esger , #Wan

Degişli Habarlar