“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 5 gün arakesme beriler

Çawuşogly, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pensiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen geçirlen gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi

1290006
“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 5 gün arakesme beriler

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda geçirilýän “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 5 gün arakesme beriljekdigini aýtdy.

Çawuşogly operasiýanyň bes edilmeýändigini, diňe 5 gün arakesme berlendigini we berlen 5 günlük arakesmede ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi PÝD-niň (Türkiýe-Siriýa-Yrak) serhedinde çekiljekdigini belledi.

Çawuşogly, ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pensiň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet bilen geçirlen gepleşiklerden soň metbugata beýannama berdi.

Amerikaly resmi wekiliýet bilen PÝD-ä agza terrorçylaryň çekilmegi, agyr ýaraglarynyň ýygnalmagy, çaknyşyklarda ulanmak üçin guran binalarynyň hatardan çykarylmagy meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny aýdan Çawuşogly, ABŞ bilen Ýefrat derýasynyň gündogarynda DAIŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdiklerini belledi.

Kobani meselesinde hem Türkiýäniň hiç hili wada bermändigini nygtan Çawuşogly : “Biz 32 kilometrlik meýdanda, Ýefrat derýasynyň gündogaryndan Yrak serhedine çenli bolan aralygyň terrordan saplanmagyny we şol ýerlerde howpsyzlyk zolagyň döredilmegini maksat edinýäris” diýdi.

Türkiýe, günorta serhetlerinde döredilmäge çalşylýan terror koridoryny ýok etmek, sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi maksady bilen 9-njy oktýabrda , Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogarynda “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyny başladypdy

Prezident R. T. Erdogan  operasiýanyň näme sebäpli guralýandygy hakynda paýtagt Ankara gelen ABŞ-nyň Wise-Prezidenti Maýk Pense ilki özara duşuşykda, soň bolsa toparara gepleşiklerde giňişleýin gürrüň berdi.

Duşuşyklardan soň metbugata beýannama beren ABŞ-nyň Wise-prezident Pens, Türkiýäniň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasyna 120 sagatlyk arakesme berjekdigini we ady agzalýan döwürde ABŞ-nyň ekstremit terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölegi ÝPG-nyň howpsyz zolakdan(Türkiýäniň serhetlerinden 20 kilometre çenli çekilmegini” ýola goýjakdygyny belledi

Pens Türkiýe bilen ABŞ-nyň, terror guramasy DAIŞ-iň Siriýanyň demirgazyk gündogarynda dolulygyna ýok edilmegi meselesinde ylalaşyk gazanylandygyny nygtady.

Duşuşyklaryň yzy ýanynda beýannama beren ABŞ-nyň Prezident Donald  Tramp bolsa “Sag bol Erdogan” diýdi.



Degişli Habarlar