“Alžir bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy güýçlendirmäge dowam ederis”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Alžir bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmäge dowam etjekdiklerini mälim etdi

1284708
“Alžir bilen ykdysady we söwda gatnaşyklarymyzy güýçlendirmäge dowam ederis”

Daşary işler ministri Çawuşogly, Alžiriň Premýer mnistri Nureddin El-Bedewi bilen duşuşyk geçirdi.

Çawuşogly, ýanyndaky wekiliýet bilen resmi sapar bilen giden Alžirde, ýurdyň Premýer ministri Bedewi tarapyndan kabul edildi.

Bedewi bilen geçiren ikiçäk we toparara gepleşikler barada sosial media hasaby Twitteriň üsti bilen beýanat beren Çawuşogly: “Taryhy we doganlyk gatnaşyklarymyz bolan Alžiriň Premýer ministri Nureddin Bedewi bilen netijeli duşuşyk geçirdik. Afrikadaki iň uly 2-nji söwda hyzmatdaşymyz bol;an Alžir bilen ykdysady we söwda gatnaşyklaryny güýçlendirmäge dowam ederis” diýip nygtady.



Degişli Habarlar