Mewlüt Çawuşogly bilen Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Lawrow bilen Çawuşogly Siriýanyň demirgazyk gündogarynda başdan geçirilýän wakalar hakynda pikir alyşdy

1284184
Mewlüt Çawuşogly bilen Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Lawrow bilen Çawuşoglynyň telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigi nygtaldy

Beýannamada Lawrow bilen Çawuşoglynyň Siriýanyň demirgazyk gündogarynda başdan geçirilýän wakalar we Siriýa meselesiniň çözülmegi üçin edilýän tagallalar hakynda pikir alyşandygy nygtaldy

Beýannamada iki kärdeşiň şeýle hem türk-rus gatnaşyklaryny has-da pugtandyrmak üçin gepleşikleriň dowam etdirilmegi meselesinde ylalaşyk gazanandygy bellenildi.



Degişli Habarlar