Prezident Erdogan “Politika” gazedine beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan, Türkiýe-Serbiýa gatnaşyklarynyň taryhyň iň gowy derejesindedigini nygtady

1283191
Prezident Erdogan “Politika” gazedine beýanat berdi

Prezident Erdogan 2 günlük sapar bilen Serbiýa gitdi.

Erdogan saparyndan ozal ol ýurtda çap edilýän “Politika” gazedine interwýu berdi.

Beýanatynda Türkiýe-Serbiýa gatnaşyklarynyň taryhyň iň gowy derejesindedigini aýdan Erdogan: “Umumy serhedimiz bolmasada Serbiýany goňşy bir ýurt hökmünde garaýarys” diýip belledi.  

Erdogan, Balkanlarda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagynyň örän möhümdigini belläp geçdi we Serbiýada durnuklylyk artyp dowam eden ýagdaýynda, onuň sebitiň ähli ýurtlaryna oňyn täsiriniň boljakdygyny beýan etdi.

Türkiýe bilen Serbiýanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň hem üstünde durup geçen Erdogan, umumy söwda kuwwadynyň 2018-nji ýylda rekord derejä ýetip, 1,2 milliard dollara ýetendigini belledi, söwda kuwwadyndaky maksadyň bolsa 5 milliard dollardygyny aýan etdi.

Prezident Erdogan, Kosowa meselesi babatynda bolsa taraplary dolulygyna kanagatlandyrjak bir ylalaşyga gelinmelidigini nygtap geçdi.



Degişli Habarlar