Mewlüt Çawuşogly Fransiýada saparda bolýar

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, rasizm, yslam duşmançylgy ýaly akymlaryň Ýewropanyň esasyny emele getirýän gymmatlyklary gowşadýandygyny nygtady

1279814
Mewlüt Çawuşogly Fransiýada saparda bolýar

Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar Mejlisiniň döredilmeginiň 70-nji ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak maksady bilen Fransiýanyň Starsburg şäherine baran Mewlüt Çawuşogly, Ýewropanyň terrora garşy göreşde ikiýüzli standart ulanýandygyny belledi. 

Ministr Çawuşogly, saparynyň çäginde ilki bilen Ýewropa Geňeşiniň Parlamentarlar mejlisiniň başlygy Lilian Mori Paskýe bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda rasizme we yslam duşmançylygyna garşy edilip bilinjek ädimler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Çawuşogly ondan soň bolsa Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Mariýa Peýçinowiç Buriç bilen duşuşyk geçirdi. 

Duşuşykda terror guramalaryna garşy bilelikde göreş ýüzlenmesi berildi. 

 



Degişli Habarlar