Terrorçylyga garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanata görä, 27-nji maýda başladylan Penje operasiýasy bilen utgaşykly ýagdaýda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Gara etrabyna howa hüjümi guraldy

1271037
Terrorçylyga garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Türk ýaragly güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyna guralan howa operasiýalarynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Howa hüjüminde ekstremist terror guramasy PKK-a degişli ýarag ammary, gowak we gaçybatalga nyşana alyndy.

Howa hüjüminde PKK-ly 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtaldy.

Üstünlikli dowam etdirilýän “Penje-3” operasiýasynyň çäginde Haftanin etrabyna guralan howa operasiýasynda bolsa 2 PKK terrorçysy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan Bitlis welaýatynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde guralan operasiýada 2 terrorçy ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Welaýatda operasiýalar dowam edýär.



Degişli Habarlar