Kalyn Bolton bilen özara gatnaşyklar we sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy

Bu barada Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýannamada aýdylýar

1263984
Kalyn Bolton bilen özara gatnaşyklar we sebitleýin meseleler barada pikir alyşdy

Prezidentiň Metbugat Sekretary İbrahim Kalyn ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk geňeşçisi Jon Bolton bilen Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary we sebitleýin meseleler boýunça telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň Metbugat merkezinden berilen beýannama görä Kalyn we Boltonyň telefon söhbetdeşliginde Siriýadaky meseleler, howpsyz zolagyň döredilmegi, terrorçylyga garşy göreş, ABŞ bilen özara gatnaşyklar, Liwiýadaky soňky şertler boýunça pikir alyşyldy.

Telefon söhbetdeşliginde Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen soňky telefon söhbetdeşliginde ara alynyp maslahatlaşylan ugurlar giňişleýin seljerildi.

Telefon söhbetdeşliginde BMG-niň Baş Assambleýasynyň maslahatynyň çäginde Prezident Erdoganyň üstümizdäki aýyň 22-25-i aralygynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine gurajak saparynyň dowamynda iki lideriň duşuşygy barada-da pikir alyşyldy.

Siriýanyň demirgazygynda dörediljek Howpsyz zolak üçin ediljek başlangyçlaryň depgininiň güýçlendirilmegi, İdlib ylalaşygynyň dowam etdirilmegi, Konstitutsiýa toparynyň işiniň gysga möhletde tamamlanmagy barada giňişleýin pikir alyşylan telefon söhbetdeşliginde, ýüze çykmagy ähtimal gumanitar pajygalaryň we täze bosgun akymlarynyň öňüni alyjy çäreleriň görülmegi boýunça ylalaşylandygy nygtaldy.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-ABŞ bilelikdäki operasiýa maksatnamasynyň bellenen möhletde iş ýüzüne geçirilmegi babatda türk tarapynyň taýarlyklaryny tamamlandygy beýan edildi.

ABŞ-nyň Söwda ministri Wilbur Rossyň Türkiýä gurajak saparynyň we maksat edinilýän 100 milliard dollarlyk söwda mukdarynyň özara söwda gatnaşyklaryna goşjak goşandynyň ähmiýeti barada-da durlyp geçildi.

 



Degişli Habarlar