Fuat Oktaý Filippo Grandini kabul etdi

Wise-prezident Fuat Oktaý, düýn BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komissary Filippo Grandini we ýanyndaky wekiliýeti kabul etdi

1263204
Fuat Oktaý Filippo Grandini kabul etdi

Prezidentiň kompleksinde 1 sagat dowam eden kabul edişlikde, Türkiýede sany 3,6 milliondan hem geçen siriýalylar başda bolmak bilen göç, bosgun we migrasiýa meseleleri ele alyndy.  

Ýokary komissar Grandi, Türkiýäniň siriýalylar bilen bagly edýän işlerini takdyr edýändiklerini mälim etdi.

Grandi, Türkiýäniň öz üstüne alan ýüküň agyrylygyny örän gowy bilýän gurama hökmünde Türkiýe bilen hyzmatdaşlyga ähmiýet berýändiklerini habar berdi.

Wise-prezident Fuat Oktaý hem halkara jemgyýetiň Türkiýäniň siriýalylar bilen bagly edýän işlerini takdyr etmegiň ýeterlik bolmandygyny, etaba has köp goşant goşmaklarynyň gerekdigini belledi.



Degişli Habarlar