Akar: “Terrorçylyga garşy göreş egilşiksiz dowam edýär”

Milli goranmak ministri Hulusi Akar terrorçylyga garşy göreşiň ýurduň içinde we daşynda egilşiksiz dowam edýändigini aýtdy

1262808
Akar: “Terrorçylyga garşy göreş egilşiksiz dowam edýär”

Ministr Akar 2019-2020 Uçuş tälim ýylynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Baş ştabyň başlygy we harby goşunlaryň serkerdeleri bilen İzmiriň Çigli etrabyndaky 2-nji Esasy harby howa bazasyna bardy.

Hormat garawuly tarapyndan garşylanandan soň bazanyň işgärlerine ýüzlenip çykyş eden ministr Akar, Siriýanyň demirgazygynda terror koridorynyň açylmagyna ýol bermejekdiklerini ýene-de bir gezek beýan etdi.

ABŞ bilen Howpsyz zolagyň döredilmegi boýunça alynyp barylýan işler barada-da durup geçen Akar; “Bize berilen sözleriň iş ýüzüne geçirilmegi bilen ýakyndan gyzyklanýarys. Bize berilen sözler haýsydyr bir görnüşde berjaý edilmän halatynda, Türk ýaragly güýçleriniň, Türkiýe Döwletiniň ikinji, üçünji meýilnamalary bar. Biz şolary iş ýüzüne geçirmäge taýar. Gerek bolan halatynda Hormatly Prezidentimiziň beýan edişi ýaly öz göbegimizi özümiz keseris” diýdi.

Çykyşynyň dowamynda terrorçylyga garşy geçirilýän operasiýalar barada-da maglumat beren Akar; “Yragyň demirgazygynda, Siriýanyň demirgazygynda iş alyp barýarys. Yragyň demirgazygynda “Penje-1”, “Penje-2”, “Penje 3” operasiýalary ýokary depginde dowam edýär. Şu günki güne çenli Yragyň demirgazygynda geçirilen operasiýalarda jemi 700-e golaý terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.



Degişli Habarlar