Prezident Erdogan Siriýada dörediljek howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Erdogan Stambulda Milli Goranmak uniwersiteti tarapyndan geçirilen çärede çykyş etdi

1261562
Prezident Erdogan Siriýada dörediljek howpsyz zolak bilen bagly beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan ABŞ-nyň sözünde durman, birnäçe hepdäniň içinde Siriýanyň demirgazygynda türk esgerleriniň bu sebite gözegçilik etmäge başlamasa, Türkiýäniň öz operasiýa meýilnamasyny durmuşa geçiremekden başga çäresiniň galmajakdygyny habar berdi. 

Erdogan Stambulda Milli Goranmak uniwersiteti tarapyndan geçirilen çärede çykyş etdi. 

Çykyşynda, ABŞ bilen Siriýanyň demirgazygynda howpsyz zolak bilen bagly geçirilen gepleşikleriň üstünde durup geçen Erdogan: "Mundan beýläk hiç kim garaňky eller tarapyndan bir taslama hökmünde alynyp barylýandygy mälim bolan DAIŞ bahanasy bilen hiç kimi aldatmaga synanyşmasyn. Bu sebitdäki birnäçe güýjiň arasyndaky bähbit söweşidir. Manbijde bize berilen sözleriň durulmagy bilen birlikde howpsyzlyk bilen baglanşykly aladalar barha artýar" diýip belledi. 

ABŞ bilen sebitde howpsyz zolagy maslahatlaşandyklaryny, emma Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda käbir meseleler boýunça tapawutly garaýyşlaryň bardygyna ünsleri çeken Erdogan: "Derbi-dagyn edenimiz ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň hyzmatdaşymyz bolan bir ýurdyň köýneginiň aşagyna bukulyp, aksiýalaryny dowam etdirmegi bolsa şu günki gün başga bir mesele hökmünde öňümizde durýar" diýip habar berdi. 

Ýewfrat derýasynyň gündogarynda ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň sebitiň halkyna garşy eden-etdilginiň gizläp bolmajak ýagdaýa gelendigini aýdan Erdogan: "Ýewfrat derýasynyň gündogaryndaky serhetlerimiziň çäginde dörediljek howpsyz zolak bilen baglanşykly mundan beýläk wagtymyz we sabrymyz galmady. Birnäçe hepdäniň içinde Siriýanyň demirgazygynda türk esgerleri bu sebite gözegçilik etmäge başlamasa, Türkiýe öz operasiýa meýilnamasyny durmuşa geçiremekden başga çäresi galmaz" diýip mälim etdi. 

 

 



Degişli Habarlar