Erdogan: "Idlib bilen bagly ýagdaý isleýän nokadymyzda däl" diýdi

Prezident Erdogan, Siriýanyň Idlib sebiti bilen bagly ýagdaýyň häzirki wagtda Türkiýäniň isleýän nokadynda däldigini belledi

1261258
Erdogan: "Idlib bilen bagly ýagdaý isleýän nokadymyzda däl" diýdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Ankara şäherindäki Melike Hatyn metjidinde juma namazyndan soň beýanat berdi. 

"Idlib bilen bagly ýagdaý biziň isleýän nokadymyzda diýsek ýalňyş bolar. Häzirki wagtda biziň isleýän nokadymyzda däl" sözlerini ulanan Erdogan: "Idlibde 9-njy we 10-njy gözegçilik nokatlarynyň golaýynda hüjümler guralypdy. Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen geçiren duşuşygymyzda gerek bolan duýduryşlar berilipdi" diýip habar berdi. 

Erdogan: "Siriýadaky wakalar bilen baglanşykly BMG-nyň Baş Assambleýasynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşyk geçireris. Ol ýerde hem bu meseleleri ara alyp maslahatlaşarys" diýdi. 

 



Degişli Habarlar