"Malazgirt ýeňişi ýer almak söweşinden ybarat däl"

Mejlisiň başlygy Mustafa Şentop Malazgirt ýeňişiniň 948 ýyllygy mynasibetli ýüzlenme çap etdi

1258642
"Malazgirt ýeňişi ýer almak söweşinden ybarat däl"

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Mustafa Şentop, Malazgirt ýeňişiniň ýer almak söweşinden ybarat bolmandygyny nygtady.

Mustafa Şentop Malazgirt ýeňişiniň 948 ýyllygy mynasibetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, şu gün yslam we dünýä taryhynyň öwrülşik nokady bolan Malazgirt ýeňişiniň 948 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýändigini nygtady.

Şentop 1071-nji ýylyň 26-njy awgustynda gazanylan taryhy ýeňişiň, türk halky we ýaşlary üçin buýsanç çeşmesi bolmak bilen birlikde geljegi ugrukdyran esasy wakalardan biridigine ünsi çekdi.

Mejlisiň başlygy Şentop, “Taryh kitaplarynda Anadolynyň gapylaryny türklere açan waka” hökmünde häsiýetlendirlen Malazgirt Ýeňişi ýer almak söweşinden ybarat däl. Bu ýeňiş musulman dünýäsini ýok etmegi maksat edinen hüjüme garşy gawduwsyzça söweşen Soltan Alparslanyň we gahryman goşunynyň gahrymançylyk ýadigärligi” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar