Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Siirtiň Baýkan etraby bilen Tunjeliniň merkezi etrabynda geçirilen operasiýalarda 2 terrorçy, Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada bolsa ýene-de 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1257975
Terrora garşy göreş giň gerimli dowam etdirilýär

Türkiýäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda: “Içerki howpsyzlyk operasiýalarynyň çäginde, Siirt welaýatynyň Baýkan etrabynda welaýatyň Žandarma güýçleriniň ýöriteleşdirilen harby toparlarynyň gatnaşmagynda howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 1 terrorçy eli ýaragly ýagdaýda täsirsiz ýagdaýa getirildi. Sebitde operasiýalar dowam edýär” diýip habar berildi.

Beýanatda, Tunjeli welaýatynyň merkezi etrabynyň obalyk ýerinde, Welaýat Žandarma serkerdeligi we Welaýat Içeri işler edarasy tarapyndan geçirilen operasiýada 1 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi.

Beýleki tarapdan ministrlik tarapyndan berilen beýanatda, Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda howa güýçleriniň gatnaşmagynda geçirilen operasiýada bolsa ýene-de 5 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi aýan edildi.

Beýanatda: “Gyran operasiýasynyň çägindäki Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynyň obalyk ýerlerinde, Welaýat Žandarma serkerdeligi we Welaýat Içeri işler edarasy tarapyndan howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada 5 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelik bilen Gyran operasiýasynyň çäginde Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 8-e ýetdi. Sebitde operasiýalar dowam edýär” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar