"Terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermeris"

Prezident Erdogan ýurduň içinde terror guramalarynyň umuman alnanda ýok edilmegiň bäri ýanyna çenli gelinendiginii aýtdy

1257735
"Terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermeris"

 

Prezident R. T. Erdogan ýurduň içinde terror guramalarynyň umuman alnanda ýok edilmegiň bäri ýanyna çenli gelinendiginii aýtdy.

Žandarm we Kenarýaka howpsyzlyk Akademiýasynyň gutardyş dabarasyna gatnaşan Prezident Erdogan, terrorçylaryň Siriýada açmak isleýän terror koridory barada durup geçdi.

Prezident Erdogan terror koridorynyň açylmagyna asla rugsat bermejekdiklerini belledi.

Düýn irden Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini we mesele hakynda pikir alyşandygyny aýdan Erdogan, geljek hepde hem ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen mesele barada pikir alyşjakdygyny nygtady.

Gündogar Ortaýer deňzinde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda hem durup geçen R. T. Erdogan “Gündogar Ortaýer deňzinde 4 gämimiz bar. Deňiz güýçlerimiziň fyrkady we Howa güýçlerimiz hem ol ýerde bilelikde iş alyp barýar. Demirgazyk Kiprdäki kowumdaşlarymyzyň hukuklaryny we öz hak-hukuklarymyzy goramaga dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan Türkiýäniň Yrakdan Siriýa, Gündogar Ortaýer deňzinden Demirgazyk Afrika we Ýewropa çenli öz bähbitlerini goramaga dowam etjekdigine ünsi çekdi.

 



Degişli Habarlar