“Türkiýe Ortaýer deňzinde uglewodorod gözleg işlerini dowam etdirer”

Prezident R.T.Erdogan Türkiýäniň Ortaýer deňzindäki uglewodorod gözleg işlerini egilşiksiz dowam etdirjekdigini aýtdy

1257023
“Türkiýe Ortaýer deňzinde uglewodorod gözleg işlerini dowam etdirer”

Erdogan resmi sapar bilen Ankarada bolýan Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Premýer ministri Ersin Tatar bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirdi.

Erdogan ol ýerde sözlän sözünde: “Öz hukuklarymyzy nähili goraýan bolsak, Kipr türkleriniň adadaky we sebitdäki bähbitlerini hem şeýle goramga dowam ederis. Kiprdäki meseläniň ýüze çykmagyna-da, şu günki güne çenli dowam etmegine-de dolulygyna grekleriň ylalaşyksyz çemeleşmeleri sebäp bolup durýar” diýdi.

Gündogar Ortaýer deňzinde ýüze çykan şertleri analiz eden Prezident Erdogan: “Düýn Kipr türkleriniň ganyny döküp, adany almaga synanşanlar, şu günki günde syýasy we ykdysady hüjümler bilen şol maksada gulluk edýärler. Kipriň grek bölegi içgin we hakykata laýyk ylalaşyk şertlerini kabul eden halatynda hemmeleriň garaşýan çözgüt ýoly açylar” diýdi.

Erdogan Gündogar Ortaýer deňzinde Türkiýäni we DKTR-ny ýok hasap edýän haýsydyr bir taslamanyň iş ýüzüne geçmejekdigini belläp: “Eger başdan geçirilenlerden henizem netije çykarmaýan bar bolsa, olara hem degişli jogaby bermekden çekinmeris” diýdi.

 



Degişli Habarlar