Milli Howpsyzlyk Geňeşi ertir geçiriler

Milli Howpsyzlyk Geňeşi ertir Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde paýtagt Ankarada geçiriler

1244268
Milli Howpsyzlyk Geňeşi ertir geçiriler

Milli Howpsyzlyk Geňeşiniň gün tertibinde Siriýada Ýewfrat derýasynyň gündogaryna garşy guralmagy ähtimal operasiýa üçin dowam edýän taýarlyklar bolar.

Mundan başgada, ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffriniň ýurdyň paýtagty Ankarada geçiren duşuşyklary maslahatyň gün tertibine getiriler.

Türk we Amerikan harby wekiliýetleriň Siriýa serhedinde Howpsyz zolagyň emele getirilmegi üçin döreden iş toparynyň alyp barýan işleri maslahatlaşylar.

Milli Howpsyzlyk Geňeşinde Türkiýäniň Russiýadan satyn alan S-400-leriň 12-nji iýulda başlan resmi gowşurylyş tapgyry gözden geçiriler.  

Ilkinji batareýalarynyň gowşurylyşy tamamlanan S-400-leriň nirä ýerleşdiriljekdigi maslahatlaşylar.

Maslahatda S-400-leriň alynmagy bilen bagly ABŞ-nyň goýmagy ähtimal sanksiýalaryna garşy ediljek ädimler ele alynar.

Şol çäkde Türkiýäniň F-35 harby uçary programmasyndan çykarylmagy ýagdaýynda ediljek ädimler kesgitlener.



Degişli Habarlar