Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammed Ankarada saparda boldy

Erdogan Türkiýe-Malaýziýa-Pakistan üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk etabyna goldaw bermäge dowam etjekdiklerini aýtdy

1242867
Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammed Ankarada saparda boldy

 

Prezident R. T.  Erdogan resmi sapar bilen Ankara gelen Malaýziýanyň Premýer ministri Mahathir Muhammed bilen bolan duşuşygyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident Erdogan duşuşykda D-8-e agza iki strategik ýurt hökmünde durmuşa geçirjek işlerini ara alyp maslahatlaşandyklaryny belledi.

Malaýziýanyň Stambulda Baş konsullyk açmagy barada kararyn kabul edilendigini aýdan Erdogan, şol kararyň özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berjekdigini nygtady.

Prezident Erdogan Günorta Gündogar Aziýa halklary bileleşigi ASEAN-e agza Malaýziýa bilen edilýän gatnaşyklara uly ähmiýet berýändiklerini nygtady we “Palestina meselesiniň başda durmagynda yslam duşmançylygy ýaly meselelere garşy tutanýerli tutum alyp barýarys. Malaýziýa bilen hem bu meselelerde edýän hyzmatdaşlygymyzy güýçlendireris. Jenap Mahathiriň teklibi bilen Daşary işler ministrleri derejesinde başladylan Türkiýe-Malaýziýa-Pakistan üçtaraplaýyn hyzmatdaşlyk etabyna goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Erdogan Türkiýe bilen Malaýziýanyň arasynda söwda taýdan uly mümkinçiligiň bardygyny we şol mümkinçilikden ýerlikli peýdalanylmalydygyny ýatlatdy

 

 



Degişli Habarlar