Yragyň demirgazygynda we Bitlisde 2 esger şehit boldy

Hüjümden soň sebitde howa güýçleriniň goldaw bermeginde giň gerimli operasiýa başladyldy

1239116
Yragyň demirgazygynda we Bitlisde 2 esger şehit boldy

 

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýanatda, Yragyň demirgazygynda geçirilýän Penje operasiýasynyň çäginde ekstremist terror guramasy PKK-ly terrorçylar bilen bolan çaknyşykda 1 esgeriň şehit bolandygy nygtaldy.

Çaknyşykda 5-i ýeňil bolmak bilen 6 esgeriň hem ýaralanandygy ýatladyldy

Bitlisde bolsa howpsyzlyk güýçlerine gözegçilik etmek maksady bilen Çalydüzü obasyna tarap barýan maýor Zafer Akkuşyň ulagyna PKK-ly terrorçylar tarapyndan raketaly hüjüm guraldy

Hüjümde agyr ýaralanan Akkuş bejergi alýan hassahanasynda şehit boldy.

Hüjümden soň sebitde howa güýçleriniň goldaw bermeginde giň gerimli operasiýa başladyldy

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar