Akar: “Türkiýäniň F-35 maksatnamasyndan çykarylmagy NATO ýaramaz täsir ýetirer”

Milli Goranmak ministri Türkiýäniň F-35 maksatnamasyndan çykarylmagynyň NATO-nyň esasanda günorta bölegindäki güýjüne ýaramaz täsir ýetirjekdigini aýtdy

1238675
Akar: “Türkiýäniň F-35 maksatnamasyndan çykarylmagy NATO ýaramaz täsir ýetirer”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Türkiýäniň F-35 maksatnamasyndan çykarylmagynyň NATO-nyň esasanda günorta bölegindäki güýjüne ýaramaz täsir ýetirjekdigini aýtdy

Ministr Akar Baş ştabyň başlygy general Ýaşar Güler we harby güýçleriň serkerdeleri bilen Siriýa serhedindäki harby bölümlere baryp görenden soň “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysynyň soraglaryna jogap berdi.

ABŞ-nyň Türkiýäni F-35 maksatnamasyndan çykarmagy baradaky karary barada beýannama beren Akar, Türkiýä uly howa we raketa howpynyň abanýandygyna ünsi çekdi.

Türkiýäniň 2000-nji ýyllaryň başyndan bäri Uzak aralykly sebitleýin howa raketa goranuş ulgamynyň alynmagy üçin alyp barýan işlerine strategik hyzmatdaşlardan biri bolan ABŞ-nyň beren jogabynyň giç we kanagatlanarsyz bolandygyny nygtan Akar: “Şol çäkde S-400 howa goranyş ulgamynyň alynmagy alternatiw däl, eýsem mejburlyga öwrüldi. F-35 taslamasynyň esasy şäriklerinden biri bolan we ähli borçlaryny birkemsiz berjaý eden Türkiýäniň bir taraply we adalatsyz karar bilen taslamadan hem-de iş paýlaryndan çykarylmaga synanşylmagynyň legal sebäplere esaslanmaýandygy mälim” diýdi.

ABŞ-daky batyrgaý we ýerlikli diskurslaryň ýany bilen berilýän käbir beýanatlaryň bir taraply hem-de hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigini nygtan Akar: “F-35 maksatnamasyndan çykarylmagymyz NATO-nyň esasanda günorta bölegindäki güýjüne ýaramaz täsir ýetirer. ABŞ-nyň häzirki çemeleşmesinden el çekmegini we gatnaşyklarymyza zyýan ýetiriji başlangyçlardan çetde durmagyna garaşmaklyk strategik hyzmatdaş hökmünde iň bir tebigy hakymyz” diýdi.


Etiketkalar: #NATO , #ABŞ , #F-35 , #Hulusi Akar

Degişli Habarlar