Çawuşogly Owganystanyň Daşary işler ministri Rabbani bilen duşuşdy

"Owganystandaky parahatçylyk etaby we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdyk”

1237674
Çawuşogly Owganystanyň Daşary işler ministri Rabbani bilen duşuşdy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Owganystanyň Daşary işler ministri Selahaddin Rabbani bilen duşuşdy

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly sapar bilen Ankara gelen owgan kärdeşi Selahaddin Rabbani bilen duşuşdy.

Çawuşogly duşuşyk hakynda beren beýanatynda “Owganystanyň Daşary işler ministri kardeşim Rabbani bilen Owganystandaky parahatçylyk etaby we sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar