Prezident Erdogan, Bosniýa-Gersegowinanyň Halklar mejlisiniň başlygy Bakir Izetbegowiçi kabul etdi

Metbugata ýapyk hasiýetinde geçen kabul edilşik 40 minut dowam etdi

1232447
Prezident Erdogan, Bosniýa-Gersegowinanyň Halklar mejlisiniň başlygy Bakir Izetbegowiçi kabul etdi

Günorta Gündogar Ýewropa hyzmatdaşlyk etabynyň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Bosniýa-Gersegowina giden Prezident R. T. Erdogan, Bosniýa-Gersogowinanyň Halklar mejlisiniň başlygy Bakir Izetbegowiçi kabul etdi.

Metbugata ýapyk hasiýetinde geçen kabul edilşik 40 minut dowam etdi.

Prezident R. T. Erdogan maslahatyň çäginde soň bolsa Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor bilen duşuşdy we Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisowy kabul etdi.

Prezident Erdogan Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidiumynyň başlygy Milorad Dodik we Prezidiumyň agzalary Şefir Jaferowiç we Zelžko Komşiç bilen hem duşuşdy.

 



Degişli Habarlar