Erdogan üç taraplaýyn maslahatyň sentýabryň başynda geçiriljekdigini aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Türkiýe, Eýran we Russiýa üç taraplaýyn maslahat barada beýannama berdi

1230979
Erdogan üç taraplaýyn maslahatyň sentýabryň başynda geçiriljekdigini aýtdy

Prezident Erdogan Stambulda juma namazyndan soň žurnalistleriň Siriýadaky soňky wakalar barada soragyna jogap berýärkä, awgust aýynyň ahyrynda ýa-da sentýabryň başynda üç taraplaýyn maslahatyň geçiriljekdigini aýtdy.

Geçiriljek üç taraplaýyn maslahatda İdlib we beýleki meselelerde nämeleriň ediljekdigi barada pikir alyşjakdyklaryny nygtan Erdogan, häzirki wagtda İdlib meselsi boýunça esasanda Russiýa bilen Türkiýäniň ellerinden gelen tagallany edýändiklerini aýtdy.

Erdogan mundan daşary ABŞ-nyň aragatnaşyk edýän käbir etraby boýunça olar bilen daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikleriň dowam etdirilýändigini beýan etdi.

Prezidentiň Metbugat sekretary İbrahim Kalyn düýn beren beýannamasynda Türkiýe-Eýran-Russiýa üç taraplaýyn maslahatynyň awgust aýynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdypdy.



Degişli Habarlar