“FETÖ-niň garaňky we ganly ýüzüni dünýä tanyşdyrmaga dowam ederis”

Fahrettin Altun,FETÖ-niň ganly ýüzüni açyk aýdyn görkezýän “The Network” atly dokumental film hakynda beýanat berdi

1229836
“FETÖ-niň garaňky we ganly ýüzüni dünýä tanyşdyrmaga dowam ederis”

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşykk edarasynyň başlygy Fahrettin Altun, Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň garaňky we ganly ýüzüni dünýä ýurtlaryna tanyşdyrmaga dowam edýändiklerini nygtady.

Fahrettin Altun, TRT World tarapyndan taýarlanyp Belgiýanyň paýtagty Brýusselde ilkinji gezek görkezilen we FETÖ-niň ganly ýüzüni açyk aýdyn görkezýän “The Network” atly dokumental film hakynda beýanat berdi.

Altun beýanatynda “FETÖ-niň garaňky we ganly ýüzüni bütin dünýä tanyşdyrmaga dowam edýäris” diýdi.

FETÖ-niň iş alyp barýan ähli ýurtlary üçin howplydygyny gürrüň berýän “The Network” atly dokumental filmiň nobaty bilen Fransiýada, Britaniýada, Demirgazyk Makedoniýada, Germaniýada, Bosniýa-Gersogowinada, Albaniýada, Gazagystanda, ABŞ-da, Günorta Afrikada, Gyrgyz Respublikasynda, Italiýada we Kosowada görkeziljekdigini aýdan Altun,  “Dokumental filmde FETÖ-niň halkara jemgyýetçiligi üçin howplydygyna üns çekilýär” diýdi.

Dokumental film 8-nji iýulda Parižde we Londonda, 9-njy iýulda Skopýada, 10-njy iýulda Berlinde, Saraýewoda we Tiranda, 11-nji iýulda Işkodrada, Nur Soltanda we Nýu-Ýorkda, 12-nji iýulda Ýohannesburgda, 13-nji iýulda Bişkekde, 14-nji iýulda Rimde we Priştinada, 15-nji iýulda bolsa Milanda görkeziler

 

 



Degişli Habarlar