Erdogan terror guramalaryny parazitlere meňzetdi

Prezident R.T.Erdogan terror guramalaryny şol bir batgalykdan iýmitlenýän parazitlere meňzetdi

1230031
Erdogan terror guramalaryny parazitlere meňzetdi

Prezident Erdogan Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halklar edarasynyň guramagynda paýtagt Ankarada geçirilen “8-nci gutardyş dabarasyna” gatnaşdy.

Ýokary mekdepleri gutaran ýaşlara ýüzlenen Erdogan: “Biz sizi ýurduňyza dolanyp barandan soň Türkiýäniň ýurduňyzdaky wekilleri hökmünde görýäris. Maksadymyz 2023-nci ýylda daşary ýurtly talyplaryň sanyny 200 müňe ýetirmek” diýdi.

Çykyşynda terror meselesinde-de durup geçen Prezident: “DAİŞ, PKK, öz raýatlaryna od açan FETÖ-çi bolsun, ýa-da neo-nasist bolsun. Ganhorlaryň bizi we yslam dünýasini çekmek isleýan duzagyna düşmeris. Bularyň ählisi medalyň tapawutly taparaplary. Şol bir batgalykdan iýmitlenýän parazitler” diýdi.

Erdogan şu günki güne çenli basyşy ulgamlaýyn göreş ýoly hökmünde kabul etmändiklerini nygtady.



Degişli Habarlar