Baş ştabyň başlygy rus kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Baş ştabynyň başlygy Ýaşar Güler, Russiýa Federasiýasynyň Baş ştabynyň başlygy Waleriý Gerasimow bilen Siriýa meselesini maslahatlaşdy

1228384
Baş ştabyň başlygy rus kärdeşi bilen söhbetdeş boldy

Baş ştab tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Ýaşar Güleriň rus kärdeşi Waleriý Gerasimow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygy mälim edildi.

Beýanatda, telefon söhbetdeşliginde “Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda soňky wagtlarda başdan geçirilýän hadysalar we sebitde durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin gerek bolan çäreleriň görülmegi we Siriýa bilen baglanşykly beýleki meseleler babatynda pikir alyşyldy” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar