Türkiýäniň Prezidenti Ýaponiýa bardy

Türkiýäniň prezidenti R.T. Erdogan, G20 Liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Ýaponiýanyň Osaka şäherine bardy

1226142
Türkiýäniň Prezidenti Ýaponiýa bardy
erdogan osaka fahri doktora.jpg

Saparyna başlan Erdogana, Mukogawa Zenanlar uniwersitetinde Hormatly doktor derejesi berildi.

Dabarada eden çykyşynda bosgunlar meselesiniň üstünde durup geçen Erdogan, Ýewropa ýurtlaryny tankyt etdi.

Türkiýäniň toparklaryna gelen 3,6 milliondan gowrak siriýaly bosgun başda bolmak bilen, yrakly we owganlar bilen bilelikde 4 milliona golaýlan bosgunlaryň ählisine gujak açandyklaryny aýdan Erdogan: “Käbirlerine garamazdan muny etdik. Ençeme Günbatarly goňşymyz beýik diwarlaryň arka tarapyna gizlenmegi, dikenekli simleriň arkasynda asuda ýaşamagy saýlady. Ne çagalarynyň jansyz bedenlerini gujaklaýan eneleriň, ne perýat edýän kakalaryň, ne tussaghanalardan gelip gowuşýan zalymlyklaryň ne-de bigünä çagalaryň gözýaşlary gynansagam käbirlerini herekete başlamaga ýetmedi” diýip nygtady.

Erdogan: “Şertler nähili bolsa bolsun Türkiýe hökmünde etniki şahsyýetine, ynanjyna, reňkine üns berilmeden ejir we ezýet çekýän adamlara eýe çykmaga dowam ederis” diýdi.

Prezident Erdogan Ýaponiýadaky zenanlara degişli bolan 80 uniwersitete baryp görjekdiklerini we Türkiýede şuňa meňzeş ädim etjekdiklerini beýan etdi.

Beýleki tarapdan Osaka şäherinde 28-29-njy iýun aralygynda geçiriljek G20 Liderler maslahatynda, S-400 howa we raketa goranyş ulgamlarynyň gün tertibiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagyna garaşylýar.

Ulgamlaryň gowşurylmadan ozal Russiýanyň Döwlet başlygy Wladimir Putin ikiçäk duşuşyk geçirjek Erdogan, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen hem duşuşar. 

Siriýa başda bolmak bilen sebitleýin meseleler giňişleýin ele alynar. 

Erdogan, S-400-leriň alynmagyna garşy bolan Tramp bilen meselä sebäp bolan ugurlaryň üstünde durup geçer. 

Prezident Erdogan maslahatdan soň ýurdyň paýtagty Tokioda duşuşyklar geçirer. 


Etiketkalar: #sapar , #Ýaponiýa , #Erdogan

Degişli Habarlar