Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär

Penje operasiýasynda täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 45-e ýetdi

1217232
Terrora garşy egilşiksiz göreş dowam edýär

Tunjelide terrorçylar bilen bolan çaknyşykda ýaralanan 4 esgerden 2-si şehit boldy

Howpsyzlyk güýçlerinden berlen beýanata görä, Tunjeli welaýatynda terror guramasyna garşy geçirilýän operasiýanyň çäginde düýn agşamara terrorçylar bilen çaknyşyk boldy

Howpsyzlyk güýçleriniň “boýun egiň” çagyryşyna terrorçylaryň ot açmak bilen jogap bermeginden soň bolan çaknyşykda 4 esger ýaralandy

Harby dik uçar bilen Tunjeli döwlet hassahanasyna getirlen ýaralanan esgerlerden 2-si halas edilip bilinmedi we şehit boldy.

Wan welaýatynda bolsa Tendürek dagy etrapçasynda terror guramasyna garşy howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

İçeri işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda, Wanyň Çaldyran etrabynyň Tendürek dagy etrapçasynda terror guramasyna garşy howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirlen operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi ýatladyldy.

Beýleki tarapdan Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk etrabynda geçirilýän Penje operasiýasynda PKK-ly ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Şeýlelikde operasiýanyň başyndan bäri täsirsiz ýagdaýa getirlen terrorçylaryň sany 45-e ýetdi.

Pençe operasiýasynda PKK-ly terrorçylara degişli gowaklar, gaçybatalgalar we ýarag ammarlary hatardan çykaryldy

 



Degişli Habarlar