"Siriýadaky gumanitar pajyganyň ortadan aýrylmagy üçin jogapkärçilikli hereket edilmeli"

Fuat Oktaý, halkara jemgyýetçiligine çagyryş berdi

1216452
"Siriýadaky gumanitar pajyganyň ortadan aýrylmagy üçin jogapkärçilikli hereket edilmeli"

Wise-prezident Fuat Oktaý, halkara jemgyýetçiligine Siriýadaky gumanitar pajyganyň ortadan aýrylmagy üçin jogapkärçilikli hereket etmek barada çagyryş berdi.

Halkara Zähmet guramasynyň BMG-nyň Ženewaky merkezinde düýn öz işine başlan 108-nji Halkara zähmet konferensiýasyna gatnaşýan Oktaý, konferensiýada eden çykyşynda Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda başlan söweşe üns berilmelidigini we 8 ýyldan bäri dowam edýan uruşuň II jahan urşundan soňky iň uly  göç edişlige sebäp bolandygyny belledi.

Oktaý, Türkiýäniň, içerki uruşdan, terrorçylykly hüjümlerden we basyşdan gaçan 4 milliondan gowrak Siriýala gapylaryny açandygyny we gorag astyna alynan siriýalylar üçin maliýe taýdan jemi 37 milliard dollardan gowrak çykdajy edendigini nygtady.

Oktaý “Şol gumanitar pajyganyň halkara jemgyýetçiliginiň uly jogapkärçiligi öz üstüne almagy ortadan aýyrlyp bilinjekdigine ynanýaryn. Geografik ýakynlyk  sebäpli hiçbir ýurt şol pajyganyň ýeke-täk jogapkäri bolup bilmez” diýdi.

Fuat Oktaý, Prezident R. T. Erdoganyň üstümizdäki ýylyň ahyrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçiriljek Halkara bosgunlar forumyna gatnaşjakdygyny nygtady.

 

 

 



Degişli Habarlar