Terrora garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Diýarbakyr welaýatynyň Lije terabynda guralan howa güýçleriniň goldaw bermegindäki operasiýada PKK-ly 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1215058
Terrora garşy göreş egilşiksiz dowam edýär

Türkiýäniň Goranmak ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä, Diýarbakyryň Lije sebitinde howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýa geçirildi. 

Operasiýada ekstremist terror guramasy PKK-a agza 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Awaşin Basýan we Zap sebitlerine guralan howa hüjümlerinde PKK-a degişli gaçybatalgalar, gowaklar we ok-däri ammarlary ýok edildi. 

Yragyň demirgazygyndaky Hakurk sebitinde eýýäm 13 gün bäri üstünlikli ýagdaýda dowam edýän Penje operasiýasynda bolsa jemi PKK-ly 43 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Penje operasiýasynyň çäginde 53 mina bilen elde ýasalan partlaýjy ýok edildi, gurama degişli 74 gowak we gaçybatalga ulanyp bolmajak ýagdaýa getirildi. 

Türkiýäniň Tunjeli welaýatynyň Kutu Dresi diýilen ýerinde hem gowaklaryň birinde geçirilen operasiýada 5 zenan terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

 


Etiketkalar: #operasiýa , #Diýarbakyr

Degişli Habarlar