Erdogan “Penje” operasiýasynyň gyşarnyksyz dowam edýändigini aýtdy

Erdogan Stambulda baýram namazyndan soň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi

1213325
Erdogan “Penje” operasiýasynyň gyşarnyksyz dowam edýändigini aýtdy

Prezident R.T.Erdogan Yragyň demirgazygyndaky Hakurk etrabynda ekstremist terror guramasy PKK terrorçylaryna garşy başladylan “Penje” operasiýasynyň gyşarnyksyz dowam edýändigini aýtdy.

R.T.Erdogan “Penje” operasiýasy barada: “Pen” operasiýasy dowam edýär. hiç hili egilşik ýok. Eperasiýa gyşarnyksyz berjaý edilýär. Terrordan doly saplanýança operasiýa dowam eder” diýdi.

Erdogan S-400 howa goranyş ulgamy barada çürt-kesik aýtdy.

Prezident: “Bu taýda biziň gol goýan ylalaşygymyz bar, egilşiksizligimiz bar. Ondan egilşik etmek diýilýän zat ýok” diýdi.

Erdogan ABŞ-dan S-400 baradaky talaplara kanagatlandyryjy jogabyň gelmändigini hem aýtdy.

Erdyogan ABŞ-nyň Prezident Donald Trampyň Siriýanyň İdlib şäherinde hüjümleriň bes edilmegi baradaky çagyryşy barada meseläniň çözülmegi üçin Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim etdi.

“Häzirki wagtda Siriýa bilen, İdlib bilen, Manbij, Ýefrat derýasynyň gündogary bilen gyzyklanýan her ýurt bilen Türkiýe gepleşiklerini dowam etdirýär” diýen Prezident Erdogan: “Biziň pozisiýamyz üýtgewsiz bolmagynda galýar. Mundan soňky tapgyrda-da dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar