Erdogan bilen Putin Siriýa barada pikir alyşdy

Erdogan Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

1211540
Erdogan bilen Putin  Siriýa barada pikir alyşdy

Prezident R. T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Prezidentiň ýanyndaky Aragatnaşyk edarasy tarapyndan berlen beýanata görä, Erdogan telefon söhbetdeşliginde, Siriýanyň hökümetiniň Idlibiň günortasynda esasan asuda ilaty nyşana alýan hüjümlerinde çekilýän ýitginiň öňüniň alynmalydygyny we Türkiýe serhedinde artan göç howpynyň ortadan aýyrmalydygyny nygtady.

Beýanatda “Prezident Erdogan Idlibde hüjümleriň gyssagly bes edilmelidigini we yzy ýanyndan syýasy etabyň başlamalydygyny ýatlatdy”diýildi.

Beýanatda Prezident Erdoganyň rus kärdeşi Putin bilen iýun aýynyň ahyrynda Ýaponiýada geçiriljek G-20-niň liderler maslahatynda duşuşjakdygy bellenildi.

 



Degişli Habarlar