"Alla ýaryňyz we howandaryňyz bolsun”

Prezident Erdogan “Penje” operasiýasyny başladan esgerlere rowaçlyk arzuw etdi

1209710
"Alla ýaryňyz we howandaryňyz bolsun”

Prezident R. T. Erdogan, Yragyň demirgazygyna ornaşan ekstremist terror guramasyna garşy howadan we gury ýerden “Penje” operasiýasyny başladan esgerlere rowaçlyk arzuw etdi.

Prezident Erdogan, Türk ýaragly güýçleriniň Hakurk etrapçasyndaky terrorçylara garşy başladan operasiýasy barada maglumat berdi.

Prezident Erdogan “Terror guramasy PKK-a zarba urýan esgerlerimize serhetaşa operasiýasynda üstünlik arzuw edýärin. Alla ýaryňyz we howandaryňyz bolsun” diýdi.

Milli Goranmak ministrliginden ertiriň irki sagatlarynda berlen beýanatda, Penje operasiýasynyň çäginde düýn günortadan soň Gury we Howa güýçleri tarapyndan Yragyň demirgazygyna ornaşan terrorçylara garşy operasiýanyň başladylandygy nygtalypdy.

 



Degişli Habarlar