Daşary ýurtly talyplar oraz aýy barada garaýyşlaryny beýan etdiler

Oraz aýyny hossarlaryndan ençeme kilometr alysda, Türkiýede geçirýän daşary ýurtly musulman talyplar remezan baradaky garaýyşlarny beýan etdiler

1206893
Daşary ýurtly talyplar oraz aýy barada garaýyşlaryny beýan etdiler
ogrenci.jpg
yabanci ogrenci.jpg

Daşary ýurtlardaky türkler we garyndaş halkar edarasynyň iş ýüzüne geçirýän “Türkiýe stipendiýalary” maksatnamasynyň çäginde Türkiýede bilim alýan talyplar Türkiýede rezeman barada gürrüň berdiler.

Ankarada Gazi uniwersitetinde türk dilinden magistraturada okaýan sudanly Abubaker Ahmed Abažar Omar Türkiýä 8 aý ozal gelendigini we ilkinji remezanyny başdan geçirýändigini aýtdy.

Omar: “Türkiýedäki oraza medeniýeti meni geň galdyrmady, çünki özümi ýurdumda ýaly duýýaryn. Tagamlar tapawutly, emma agzaçar medeniýetinde tapawutlyk ýok” diýdi.

Ankara uniwersitetiniň marketing bölüminiň talyby bosniýaly Maliýa Brkij bolsa şu ýyl Türkiýede 3-nji orazasyny tutýandygyny aýtdy.

Brkij: “Türkiýede geçiren ilkinji remezanymdan unudylmajak ýatlamalarym bar. Öýümden alysda ilkinji orazany Türkiýede tutdum we daşary ýurtly talyplar bilen köp ýatlamam bar” diýdi.

Owganystanly Ahmad Kan Dawlatýar Ankara uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň talyby bolup, 3,5 ýyldan bäri Türkiýede ýaşaýandygyny aýtdy.

Türkiýede orazanyň şowhunly geçýändigini aýdan Dawlatýar, döwlet edaralarynyň, haýyr söýer işewürleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň ençeme agzaçaryň berilýändigini aýtdy.

Dawlatýar: “Agzaçarda umuman remezan şerbedini, baklawany we remezan çöregini halaýaryn” diýdi.

Dawlawtlar Türkiýede daşary ýurtly talyplar bilen agyz açmagy diýseň gowy görýändigini nygtap: “ÝTB şu oraz aýy boýunça Ankara Sosial Ylymlar uniwersiteti bilen agzaçar berýär. Her gün bir ýurt öz medeniýetini we tagamlaryny tanyşdyrýar. 300-e golaý daşary ýurtly talybyň gatnaşýan agzaçarynda ýer eýesi talyplar öz milli tagamlaryny hüdürleýärler” diýdi.



Degişli Habarlar