Çawuşogly rus kärdeşi Lawrowdan Idlibde guralýan hüjümleriň bes edilmegini isledi

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow Çawuşoglynyň isleginden soň Idlibde düýn irden hüjümleriň bes edilendigini aýan etdi

1198566
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrowdan Idlibde guralýan hüjümleriň bes edilmegini isledi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowdan, Siriýanyň Idlib şäherinde guralýan hüjümleriň bes edilmegini isledi.

Diplomatik töwerekleriň berýän maglumatyna görä, ministr Çawuşogly düýn rus kärdeşi Lawrowdan Idlibde guralýan hüjümleriň bes edilmegini isledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow Çawuşoglynyň isleginden soň Idlibde düýn irden hüjümleriň bes edilendigini aýan etdi.

Soňky günlerde Asada tabynlykdaky güýçler we tarapdary Russiýanyň Idlibde guraýan hüjümleri öňňin azalmaga başlady.

Türkiýe bilen Russiýanyň hemaýatkärliginde Astana etabynyn çäginde çaknyşyksyz zolak hökmünde yglan edilen Idlibde Asada tabynlykdaky güýçleriň tarapdarlarynyň goldaw bermeginde soňky hepdelerde guraýan hüjümleri sebäpli müňlerçe adam öýüni terk etmeli boldy.



Degişli Habarlar