Mardinde PKK-ly iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Mardin welaýatynyň Nusaýbin etrabynyň obalyk ýerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza iki terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi

1197156
Mardinde PKK-ly iki terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Howpsyzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, etrabyň Ömerýan diýilen ýerinde PKK-ly terrorçylarynyň bardygy anyklanmagyndan soň howpsyzlyk güýçleri tarapyndan operasiýa başladyldy.

Howa güýçleriniň goldaw bermeginde geçirilen operasiýada iki terrorçy ellerindäki ýaraglary bilen birlikde täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitde terror guramalaryna garşy operasiýalar dowam edýär.


Etiketkalar: #Mardin , #Nusaýbin , #terrorçy

Degişli Habarlar