"Türkiýe Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hukuklaryny goramaga dowam eder"

Çawuşogly “Terrorçylaryň arasynda gowy-erbet tapawudy bolup bilmez” diýdi

1196372
"Türkiýe Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hukuklaryny goramaga dowam eder"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Türkiýäniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hukuklaryny goramaga dowam etjekdigini aýtdy.

Mewlüt Çawuşogly düýn Çankaýa köşgünde geçirlen NATO-nyň geňeşiniň we Ortaýer deňzi dialog hyzmatdaşlygynyň maslahatynda sözlän sözünde hem Ortaýer deňizli hem-de Ýewropaly hyzmatdaş bolan Türkiýäniň iki sebitiň howpsyzlygyny biri biri bilen arabaglanşykly hökmünde görýändigini belledi we Ortaýer deňzinde başdan geçirilýän dartgynlyklaryň Ýewropa hem ýaramaz täsirini ýetirýändigine ünsi çekdi.

Çawuşogly sebitdäki kynçylyklaryň hötdesinden diňe kagyz ýüzünde galýan arkalaşyk we hyzmatdaşlyk ýüzlenmeleri bilen gelnip bilinmejekdigini nygtady

Terrora garşy egilşiksiz göreşiň alnyp barylmalydygyny aýratyn bellän Çawuşogly “Terrorçylaryň arasynda gowy-erbet tapawudy bolup bilmez” diýdi.

Türkiýäniň Gündogar Ortaýer deňzinde bir taraply çemeleşmelere asla rugsat bermejekdigine ünsi çeken Çawuşogly, “Gündogar Ortaýer deňziniň parahatçylygy we durnuklylygy, halkara hukugyna we taryhy hakykatlara sarpa goýulmakdan geçýär. Türkiýe Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň hukuklaryny goramaga dowam eder” diýip belledi.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar