Mewlüt Çawuşogly Katarda geçirlen Aziýa hyzmatdaşlyk dialogynyň maslahatyna gatnaşdy

"Terror guramalarynyň arasynda tapawut ýok"

1193283
Mewlüt Çawuşogly Katarda geçirlen Aziýa hyzmatdaşlyk dialogynyň maslahatyna gatnaşdy
mevlut cavusoglu doha1.jpg

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Kataryň paýtagty Dohada geçirlen Aziýa hyzmatdaşlyk dialogynyň Daşary işler ministrleriniň 16-njy maslahatyna gatnaşdy.

Täze Zelandiýada we Şri-Lankada guralan terrorçylykly hüjümleri ýatladan Çawuşgoly, “Hüjümler bize terroryň nähili howplydygyny görkezdi” diýdi.

Terror guramalarynyň arasynda tapawudyň ýokdygyny nygtan Çawuşogly, terrorizmiň we rassizmiň esasy sebäpleriniň seljerilmelidigini belledi.

Çawuşogly Aziýa materiginiň ykdysady taýdan ozalkysy ýaly pajarlap ösmäge başlandyğyna ünsi çekdi, emma uly mümkinçilige eýedigine garamazdan käbir kynçylyklary başdan geçirýändigini ýatlatdy.

Daşary işler ministri Çawuşogly kynçylyklaryň çözülmegi üçin birlikde işleşilmelidigine ünsi çekdi.

Çawuşogly maslahatyň çäginde Eýranyň Daşary işler ministri Jawad Zarif we Kataryň Daşary işler ministri Şyh Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy



Degişli Habarlar