"Ermeni göçürilşigi ne genositdir ne-de uly betbagtçylyk"

Erdogan, partiýasynyň Ankaranyň Kyzyljahamam etrapçasynda geçirlen 28-nji maslahatyna gatnaşdy

1191035
"Ermeni göçürilşigi ne genositdir ne-de uly betbagtçylyk"

Prezident R. T. Erdogan, ermeni göçürilşiginiň ne genosit ne-de uly betbagtçylykdygyny aýtdy.

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan, partiýasynyň Ankaranyň Kyzyljahamam etrapçasynda geçirlen 28-nji maslahatynda eden çykyşynda, ermeni göçürilşiginiň, bir asyr ozal diýseň agyr şertlerde Balkan uruşlary döwründe başdan geçirlen gynandyryjy wakadygyny nygtady.

Erdogan “Ermenilere garşy öňe sürülşi ýaly edilen bolsady şu günki günde Ýewropadan Amerika, Demirgazyk Afrikadan Kawkaza çenli giň geografiýada ýaşaýan millionlarça ermeni hakynda gürrüň edip bilmezdik” diýdi.

Prezident Erdogan “Biziň arhiwlerimiz ermeni meselesinde her bir adama açyk. Çagyrdyk emma arhiwlerdäki resminamalary bilýändikleri üçin gelen bolmady. Hakykatlary bilmek isleýän her bir adam üçin şol arhiwler açyk. Öňe sürülýän garaýyşlary kabul etmeýäris. Ermeni göçürilşigi ne genositdir nede uly betbagtçylyk. Fransiýanyň Prezidenti ilki şol işleri öwrenmeli. Ýurdunda 700 müň ermeni bar diýip bu ýüzlenmäni bermek seni halas edip bilmez” diýdi.

Türkiýäniň Russiýadan aljak S-400 howa goranyş ulgamlary meselesinde bolsa ABŞ bilen uly garaýyş tapawutlylygynyň bardygyny aýdan Prezident Erdogan “ Biziň üçin esasy mesele ýurdumyzyň geljegi.  Siriýadaky terror guramalaryny ýok etmek we gyssagly S-400 ýaly goranyş ulgamlaryny almaga we berk çäre görmäge dowam ederis” diýdi.

Erdogan, Golan depeleriniň Ysraýyla däl eýsem Siriýa degişlidigini belledi.

Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy hakynda hem durup geçen Erdogan , Ankaranyn ähli kadalary berjaý edendigine garamazdan ÝB-niň Türkiýäni dürli bahanalar bilen güýmemäge dowam edýändigini ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar