Ankara Portugaliýa reaksiýa bildirdi
“2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde berlen beýanaty kabul etmeýäris”
1190927
Portugaliýanyň Parlamentiniň 1915-nji ýyldaky wakalar baradaky beýanatynda Ankara berk garşylyk görkezdi.
Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, “2019-njy ýylyň 26-njy aprelinde berlen beýanaty kabul etmeýäris” diýildi.
Beýanatda “Taryhy syýasylaşdyrýan, halkara hukugyna we Ýewropa hukugyna äsgermezçilik edýän şuňa meňzeş çemeleşmeler asla kabul edilmez”diýdi.
Beýanatda, Portugaliýanyň Parlamentinden içerki syýasy sebäpler bilen taryhy ýoýmagyň ýerine taryhy hakykatlara, arhiwlerdäki resminamalara we hukuga sarpa goýulmagyna garaşylýandygy bellenildi.