Prezident Erdogan “Anzak güni” mynasybetli ýüzlenme çap etdi

Erdogan Çanakgalanyň ähli halklara görelde bolmagyny arzuw etdi

1189848
Prezident Erdogan “Anzak güni” mynasybetli ýüzlenme çap etdi
erdogan.jpg
erdogan.jpg

Erdogan ýüzlenmesinde ýagty geljegi gurmakda, dostlugyň, söýgüniň, parahatçylygyň ýola goýulmagynda Çanakgalanyň ähli halklara görelde bolmagyny arzuw etdi

Çanakgala guryýer söweşiniň 104-nji ýylynda şu topraklarda watanlaryny we abraýlaryny goran ýüzlerçe müň esgeri, şehidi we gahrymany hormatlamak bilen hatyralaýandygyny beýan eden Erdogan: “Şu gün Çanakgalada jan beren her bir milletiň ähli esgerlerini hatyralaýarys. Ýagty geljegi gurmakda, dostlugyň, söýgüniň, parahatçylygyň ýola goýulmagynda Çanakgalanyň ähli halklara görelde bolmagyny arzuw edýärin. “Anzak güni” mynasybetli ýurdumyzda bolýan myhmanlarymyz arkaly bütin dünýä parahatçylyk çagyryşymyzy ýene-de gezek gaýtalaýarys” diýdi.

Ýüzlenmesinde: “Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gahryman M.K.Atatürkiň uzak diýarlardan ogullaryny söweşe ugradan enelere aýdan: “Ogullaryňyz biziň bagrymyzda asudalykda” diýen sözlerini ýatladan Erdogan: “Olar bu toprakda janlaryny berenden soň indi biziň oglumyz boldular” ýüzlenmesine ählimiz eýe çykýarys. Bu taýda ýaş nesillere düşýän jogapkärçilik Çanakgalada batyrgaýlyk, gaýduwsyzlyk bilen daşa, topraga, deňize ýazylan dostluk ýüzlenmesine eýe çykmaklyk. Başga uruşlaryň bolmazlygy, geljekki nesilleriň parahat dünýäde ýaşamaklary üçin ählimize düşýän jogapkärçilikler bar. Çanakgala gahrymanlarymyzy ýene-de bir gezek hormatlamak bilen hatyralap, çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyzda bolýan myhmanlarymyza we raýatlarymza ýalkymly salam” diýdi.

 



Degişli Habarlar