"Terror guramasy PKK özüniň hyýanatçylygyny ýene-de bir gezek görkezdi”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar serhet galasynda terrorçylar bilen bolan çaknyşyk hakynda giňişleýin maglumat aldy

1187227
"Terror guramasy PKK  özüniň hyýanatçylygyny ýene-de bir gezek görkezdi”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ekstremist terror guramasy PKK-nyň hyýanatçylygynyň Beragat gijesinde guran hüjümi bilen ýene-de bir gezek özüni görkezendigini aýtdy.

Ministr Hulusi Akar, Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we Gury ýer güýçleriniň serkerdesi goşun generaly Ümit Dündar bilen terrora garşy göreşiň çäginde serhet galasynda terrorçylar bilen bolan çaknyşykda şehit bolan 4 esgeriň tabydynyň dogduk dyýarlaryna ugradylmagyndan soň harby merkeze bardy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar harby merkezde öňňin serhet galasynda terrorçylar bilen bolan çaknyşyk hakynda giňişleýin maglumat aldy.

 “Hyýanatçylykly terrorçylykly hüjüm sebäpli gahryman ýaragly ýoldaşlarymyň ýogalmagyna gynanç bildirýärin”diýen Akar “Guralan operasiýalar netijesinde agyr ýitgi çeken we güýçden gaçýan terror guramasy, Beragat gijesinde harby merkezimize hüjüm etmek bilen özüniň hyýanatçylygyny ýene-de bir gezek görkezdi” diýdi.

“Şuňa meňzeş hüjümleri bizi maksadymyzdan ýüz öwürdip bilmez ” diýen Akar terrora garşy tutanýerli göreşiň dowam etjekdigini nygtady



Degişli Habarlar