Stambulyň şäher häkimi wezipesine Ekrem Imamogly saýlandy

Stambulda 2 hepdeden soň Stambulyň şäher häkimi belli boldy

1185547
Stambulyň şäher häkimi wezipesine Ekrem Imamogly saýlandy
ekrem imamoglu1.jpg

Respublikan Halk partiýasynyň dalaşgäri Ekrem Imamogly, Stambulyň şäher häkimi boldy.

31-nji martda geçirilen saýlawlardan soň Adalat we ösüş partiýasynyň nägile bolan ýerleri bardy.

Käbir etraplarda sesler ýaňadandan sanaldy.

Berilen seslere görä Ekrem Imamogly 4 million 169 müň 765 adamyň sesini aldy, Ak partiýanyň dalaşgäri Binali Ýyldyrym bolsa 4 million 156 müň 36 adamyň sesini aldy.

Netijäniň Ýokary saýlaw geňeşiniň sistemasyna girilmeginden soň Ekrem Imamogly, Welaýat Saýlaw geňeşinden Stambulyň şäher häkimi ygtyýarnamasyny aldy.

Ekrem Imamogly ondan soň bolsa Saraçhanedäki Stambul şäher häkimligine baryp wezipäni Mewlüt Uýsaldan gowşuryp aldy.

Ekrem Imamogly ol ýerde: “Ygtyýarnamamyzy aldyk, men örän bagtly, guwanýaryn, buýsanýaryn. Ygtyýarnamany 16 million raýatymyzyň adyndan aldym. Bu şäheriň zerurlyklaryny bilýäris. Bu şäherde ýaşaýan herkimiň talaplaryny bilýäris we hyzmat bermäge edil şu wagt, çalt depginler bilen başlarys” diýdi.



Degişli Habarlar