Çawuşogly: “Genosid we taryh boýunça Türkiýä ders berjek iň soňky ýurt Fransiýa”

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly genosid we taryh boýunça Türkiýä ders berjek iň soňky ýurduň Fransiýadygyny aýtdy

1182089
Çawuşogly: “Genosid we taryh boýunça Türkiýä ders berjek iň soňky ýurt Fransiýa”
fransiz parlamenter nato.jpg

Çawuşogly NATO-nyň Parlamentar Assambleýasynyň Antalýada geçirilen 99-njy Rose-Rot maslahatynyň we Ortaýer Deňziniň Ýakyn Gündogar Toparynyň bilelikdäki maslahatynyň açylyşynda fransuz parlamentarisi Sonia Krymynyň toslama ermeni genosidi baradaky soragyna berk reaksiýa bildirdi.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň 24-nji apreli toslama ermeni genosidini hatyralama güni hökmünde yglan etmeginiň Ýewropanyň Adam hukuklary kazyýetiniň we BMG-niň kararlaryna bap gelip gelmeýändigini soran Çawuşogly: “Siz syýasatçylar taryh bilen bagly höküm çykarmagy, karar bermegi özüňize hak hökmünde kabul edýärsiňiz. Pikir başga, karar bermek başga. Eýsem haýsy maglumat bilen taryh barada şeýle çürt-kesik karara geldiňiz? Doly maglumatyň ýokdugyna garamazdan karar bermegiň ýekeje sebäbi bar, ol hem populizm” diýdi.

Genosid we taryh meselesinde Türkiýä ders berjek iň soňky ýurduň Fransiýadygyny nygtan Çawuşogly: “Çündi Ruandada we Alžirde bolanlary ýatdan çykarmadyk. Fransiýa ilki öz garaňky taryhyna ser salsyn. Türkiýä ders bermäge synanşmasyn. Hawa, siz şeýle ýokardan seretmäge dowam ediň, biz bolsa size mynasyp bolan jogabyňyzy bermäge dowam ederis” diýdi.

Çawuşoglynyň şol sözlerinden soň fransuz parlamentarisi zalyndan çykyp gitdi.



Degişli Habarlar