Italiýanyň Parlamentiniň “toslama genosid” garaýyşlaryny öz içine teklibi kabul etmegi ýazgaryldy

“Italiýanyň Wekiller palatasynyň 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde içerki syýasy maksatly kabul eden teklibini berk ýazgarýarys”

1181123
Italiýanyň Parlamentiniň “toslama genosid” garaýyşlaryny öz içine teklibi kabul etmegi ýazgaryldy

 

Türkiýe, Italiýanyň Parlamentiniň 1915-nji ýylda başdan geçirlen wakalar bilen arabaglanşykly “toslama genosid” garaýyşlaryny öz içine teklibi kabul etmegini ýazgardy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýanatda, “Italiýanyň Wekiller palatasynyň 2019-njy ýylyň 10-njy aprelinde içerki syýasy maksatly kabul eden teklibini berk ýazgarýarys”diýildi.

Beýanatda “Teklibiň Türkiýe-Italiýa gatnaşyklaryny bökdemek üçin tagalla edýän Mattero Salwiniň ýolbaşçylygyndaky Lega partiýasy tarapyndan taýarlanmagy bizi geň galdyrmady” diýildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly hem Twitter arkaly beren beýanatynda “Taryhy syýasylaşdyrmagy üçin edilen beýleki başlangyçlar ýaly Italiýanyň Wekiller palatasynyň  karary biziň üçin legal däl. Italiýanyň Mejlisinde daşary ýurt duşmançylygyny dowam etdirýän Lega partiýasynyň Ýewropa Parlament saýlawlarynda ses sanyny artdyrmak maksady bilen oýnaýan oýuny kabul edilip bilinmez” diýdi.



Degişli Habarlar